Milan öňdeligi eýeledi
Milan öňdeligi eýeledi

Golaýda “Visualcapitalist” mediýa platformasy tarapyndan gezelenç etmek üçin dünýäniň iň gowy 20 şäheriniň sanawy çap edildi. Awtorlar şäher ilatynyň esasy infrastruktura desgalaryna ýetmek üçin ortaça wagtyň çäklerinde dürli şäherlere baha berdiler.
Sanawda birinji orny Milan şäheri eýeledi, Italiýanyň ikinji uly şäheri has ykjam we oňaýly şäher diýlip ykrar edildi, bu ýerde esasy amatlyklara ýetmek üçin pyýada aralyk 6 minut 24 sekunda deňdir. Ikinji orunda 6 minut 36 sekunt netije bilen Daniýanyň paýtagty Kopengagen, üçünji ýerde bolsa Italiýanyň başga bir şäheri Turin (7 minut 6 sekunt) gelýär.
Ilkinji onluga Dublin, Lion, Mýunhen, Pariž, Marsel, Genuýa we Edinburg girdi. Belarusyň paýtagty Minsk 16-njy orunda ýerleşdi. Minskde dükanlara, mekdeplere we hassahanalara barmak üçin pyýada 8 minut 36 sekunt ýöremek ýeterlikdir. Ýigrimilige Berlin, Wena, Sankt-Peterburg, Bilbao, Bordo, Ştutgart, Lill, Barselona we Oslo şäherleri girizildi. Barlaglar geçirilende, ilaty 500 müň we ondan geçýän ilatly şäherler göz öňünde tutuldy.
Aziýada pyýada gezelenç etmek üçin iň gowy şäher diýlip, Ýaponiýanyň Kioto şäheri yglan edildi, ol 28-nji orunda ýerleşdi. Aziýanyň Taýbeý, Katmandu, Taýçžun we Tokio şäherleri hem sanawda orun aldy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm