Mark Karni kasam kabul etdi

Mark Karni kasam kabul etdi Mark Karni kasam kabul etdi 3 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Kanadanyň dolandyryjy Liberal partiýasynyň täze lideri Mark Karni ýurduň 24-nji Premýer-ministri hökmünde kasam kabul edenden soň. Ministrler Kabinetiniň täze saýlanan agzalaryny tassyklady. Indiki parlament saýlawlaryna çenli 24 adamdan ybarat täze hökümetiň düzümi Kanada bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara gözegçilik etmekde esasy wezipeleri eýelän möhüm ministrleri öz içine alýar.
    Melani Žoli daşary işler ministri bolmagynda galýar we öňki maliýe ministri Dominik Leblan täze halkara söwda ministri hökmünde Kanada-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde işlemegini dowam etdirer. Onuň ýerine innowasiýa, ylym we senagat ministri Fransua-Filipp Şampan geçdi.
    Mark Karniý 9-njy martda Liberal partiýanyň başlygynyň saýlawlarynda gutarnykly ýeňiş gazanyp, Jastin Trýudonyň ornuna geçdi. Jastin Trýudo Liberal partiýanyň täze başlygy Mark Karniniň kasam kabul ediş dabarasyndan öň Kanadanyň gubernatory Meri Simona işinden çekilýändigi barada resmi taýdan arza berdi. Mark Karni ýakyn wagtda Parlament saýlawlarynyň geçiriljek senesini mälim edenden soň, ýurduň raýatlary aprel aýynyň ahyrynda ýa-da maý aýynyň başynda ses berip bilerler.
    Kanada Demirgazyk Amerikada ýerleşýän döwlet bolup, ilaty 41 milliondan gowrak. Dünýäniň iň uzyn kenar ýakasy bolan bu ýurt Atlantik, Ýuwaş ummany we Arktika ummanlary bilen ýuwulýar. ABŞ bilen günorta we demirgazyk-günbatarda (Alýaska) we demirgazyk-gündogarda Daniýa (Hans adasy) bilen serhetleşýär we gündogarda Fransiýa bilen deňiz araçägi bar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm