75-nji Berlin film festiwaly başlandy

75-nji Berlin film festiwaly başlandy

75-nji Berlin film festiwaly başlandy
75-nji Berlin film festiwaly başlandy 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Dünýäniň öňdebaryjy 3 festiwalynyň biri hasaplanýan Berlin kino şüweleňine badalga berildi. “Berlinale” hem diýilýän festiwal 75-nji gezek gapylaryny giňden açyp, ol 23-nji fewrala çenli dowam eder. Festiwal soňky ýyllarda bolşy ýaly Germaniýanyň paýtagty Berlindäki “Berlinale Palast”-da geçirilýär. Festiwal ussat režissýor Tom Tykweriň “Ýagtylyk” (Das Licht) atly filminiň gala görkezilişi bilen açylyp, dabara kino sungatynyň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda oskarly meşhur aktrisa Tilda Swinton Berlinale-niň Altyn aýy hormat baýragy bilen sylaglandy.

    75-nji Berlin film festiwaly başlandy

    Ýewropada her ýylyň ilkinji iň uly film festiwaly bolan Berlinale-niň ýubileý ýylynda esasy bäsleşik bölüminde görkeziljek filmlere baha berjek eminler toparyna amerikaly režissýor Todd Haýns ýolbaşçylyk eder. Festiwalyň guramaçylary eminler toparyna hytaýly meşhur aktrisa Fan Binbin, germaniýaly aktrisa Mariýa Şrader, argentinaly režissýor Rodrigo Moreno, marokkoly režissýor Nabil Aýuç, germaniýaly grimçi Bina Daýgeler hem-de amerikaly kino tankytçy Emi Nikolsan dagyny çagyrdy.

    Festiwalyň esasy bäsleşik bölüminde, ýagny baş baýrak bolan “Altyn aýy” ugrunda göreşjek 19 filmiň arasynda Riçard Linkleýter, Hon Sansu, Wiwian Ku ýaly belli režissýorlaryň soňky kinolary bar.

    75-nji halkara Berlin film festiwalynda baş baýraga dalaşgär görkezilen filmler:

    “Ari” (Ari) – Leonor Serraý (Fransiýa)

    “Mawy aý” (Blue Moon) – Riçard Linkleýter (ABŞ)

    “Arzuwlar” (Dreams) – Mişel Franko (Meksika)

    “Tebigat saňa näme diýýär?” (Geu jayeoni nege mworago hani) – Han Sansu (G.Koreýa)

    “Gyzgyn süýt” (Hot Milk) – Rebekka Lenkewiç (B. Britaniýa)

    “Mawy ýoda” (O Último Azul) – Gabriel Maskarao (Braziliýa)

    “Düýşler” (Drommer) – Dag Ýohan Hogerud (Norwegiýa)

    “Buz diňi” (La Tour de Glace) – Lusile Hadžihalilowiç (Fransiýa)

    “Eger aýaklarym bolsady, men seni deperdim” (If I Had Legs I’d Kick You) – Meri Bronsteýn (ABŞ)

    “Kontinental 25” (Kontinental ’25) – Radu Žude (Rumyniýa)

    “Ýerde ýaşamak” (Sheng xi zhi di) – Huo Meng (Hytaý)

    “Ýüzlenme” (El mensaje) – Iwan Fund (Argentina)

    “Ejesiniň körpejesi” (Mother’s Baby) – Ýohanna Moder (Awstriýa)

    “Öli göwheriň ýagtylygy” (“Reflet dans un diamant mort) – Helen Kattet bilen Bruno Forzani (Fransiýa)

    “Gizlinlikdäki öý” (La cache) – Laýonel Baýer (Şweýsariýa)

    “Wagt belligi” (Striçka çasu) – Katerina Gornostai (Ukraina)

    “Mariell näme bilýär?” (Was Marielle weiss) – Frederik Hambalek (Germaniýa)

    “Ýunan” (Yunan) – Amir Faker Eldin (Germaniýa)

    “Simdäki gyzlar” (Xiang fei de nuhai) – Wiwien Ku (Hytaý)

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm